Awiakompaniýalaryň 2020-nji ýyldaky girdejisi 60%-den gowrak azalar

Awiakompaniýalaryň 2020-nji ýyldaky girdejisi 60%-den gowrak azalar

Awiakompaniýalaryň 2020-nji ýyldaky girdejisi, 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 60%-den gowrak azalar. Bu barada Halkara howa ulaglary birleşigine salgylanyp, Euronews habar berýär.

"Biziň erkin hereketimiz gaty çäklendirildi we munuň howa gatnawyna täsiri juda çökder" diýip, guramanyň başlygy Aleksandr de Junýak aýtdy.

Halkara ýolagçy gatnawy 89%, içerki gatnawlar bolsa 43% azaldy. Bu ýyl garaşylýan ýolagçy akymy 1,8 milliard adam bolup, munuň özi 2003-nji ýylyň derejesi bilen deňdir.
Assosiasiýanyň habaryna görä, şu ýyl awiakompaniýalaryň ýitgileri, takmynan, 120 milliard dollar bolar.

"2020-nji ýyl howa ýollary pudagy üçin iň erbet ýyl hökmünde taryha girer" diýip, Junýak belleýär.

Gurama serhetleriň diňe indiki ýylyň ortalarynda, sanjymlar elýeterli bolanda we synag ulgamy kämilleşende açyljakdygyny aýdýar.
Ýakynda “Air France”-iň baş direktory Anne Rigel Fransiýanyň iň uly awiakompaniýasynyň günde 10 million ýewro ýitirýändigini aýtdy. Kompaniýa, gatnawlaryň mukdarynyň diňe 2024-nji ýyla çenli çökgünlikden öňki derejä ýetjekdigini belleýär. Şeýle çaklama Halkara howa ulaglary birleşiginde-de öňe sürüldi.