Oksford sözlügi 2020-nji ýylyň iň esasy sözüni saýlap bilmedi

Oksford sözlügi 2020-nji ýylyň iň esasy sözüni saýlap bilmedi

Oksfordyň iňlis dili sözlügi 2020-nji ýylyň iň möhüm sözlerinden belli birini saýlap bilmedi, oňa derek ol bu gezek birnäçe düşünjeleri neşir etdi. Bu barada duşenbe güni sözlügiň, adatça, her ýylyň noýabr aýynda ýylyň sözüni yglan edýän resmi web sahypasynda habar berildi. Muny TASS ýetirýär.

"Iňlis dili hem, biziň özümiz ýaly, bu ýyla çalt we birnäçe gezek uýgunlaşmaly boldy. 2020-nji ýylda dilde ýüze çykan adaty bolmadyk üýtgeşmeleri we diliň ösüşini göz öňünde tutup, Oxford Languages (Oksford uniwersitetiniň metbugat gullugynyň sözlükleri çykarmak boýunça bölüminiň täze ady - Red.) ony bir sözde aýdyň beýan edip bolmaýar diýen netijä geldi" - diýlip, habarda aýdylýar.

Oksfordyň leksikograflary geçip barýan ýylyň senenamasyna belli bir hadysalara baglylykda iň köp agzalýan sözleri ýerleşdirdiler. Şeýlelik bilen, ýanwar aýynda Awstraliýa ýangyna sezewar bolanda "weýrançylykly tokaý ýangyny" diýen manyny aňladýan "bushfire" sözi, şeýle hem 2020-nji ýylyň birinji aýynda ABŞ-nyň Kongresiniň Senatynda "impiçment" sözi ýörgünli boldy.
Ýaz paslynda sözleriň we söz düzümleriniň sanawynda şu ýyl planetada ýüze çykan we milliardlarça adamyň ýaşaýyş durmuşyny üýtgeden pandemiýa bilen baglanyşykly birnäçe düşünje girdi. Bular "coronavirus" ("koronawirus"), "COVID-19" (täze koronawirusyň döredýän keseli), "lockdown" (COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak üçin häkimiýetler tarapyndan mejbury karantin çäreleri), "social distancing" ("sosial aralygy saklamak"), "reopening" ("täzeden açylmak")...
Geçen ýyl Oksford sözlüginde "howanyň üýtgemeginiň öňüni almak we daşky gurşawa ýetirip boljak zyýanlardan gaça durmak üçin gyssagly çäre görülmeli ýagdaý" hökmünde kesgitlenýän "climate emergency" ("howanyň adatdan daşary ýagdaýy") jümlesi saýlanypdy.