Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi himiki serişdeleri satyn alar

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi himiki serişdeleri satyn alar

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi 2021-nji ýylyň hasyly üçin ekilen bugdaýyň haşal otlaryna, zyýankeşlerine, şalynyň haşal otlaryna hem-de 2021-nji ýylyň pagta hasyly üçin ekiljek gowaçanyň tohumyny kesellere garşy dermanlamakda, şeýle hem çekirtge zyýankeşine garşy ulanyljak himiki serişdeleri satyn almak barada şertnamalary baglaşar.

Munuň üçin ygtyýar berýän degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak maksady bilen kabul edildi.