Türkmenistan deňiz portlarynyň howpsuzlygy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan deňiz portlarynyň howpsuzlygy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gämileriň we deňiz menzilleriniň desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky meselä bagyşlanan iki günlük okuw maslahatyna gatnaşdylar.

Çäre «Deňiz goragy, howpsuzlygy we Gara deňiz hem-de Hazar deňzi sebitleriniň daşky gurşawyny goramak» (BCSEA) taslamasynyň çäklerinde guraldy. Ol Ýewropa Bileleşiginiň maliýe taýdan goldaw bermeginde Ýewropanyň deňiz howpsuzlygy agentligi (EMSA) tarapyndan durmuşa geçirilýär.
Türkmenistany, Azerbaýjany, Gruziýany, Eýrany, Gazagystany, Moldowany, Türkiýäni we Ukrainany öz içine alýan bu taslamanyň baş maksady deňiz ýollary ugrunda milli hünärmenleri ýokarda agzalan meseleleri çözmekde halkara tejribeler bilen tanyşdyrmakdan, kenarýaka döwletleriň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny Ýewropa Bileleşiginiň kanunçylygyna laýyk getirmekden ybaratdyr.