7-nji noýabrda Türkmenistanda ekologiýa çäresi geçiriler

7-nji noýabrda Türkmenistanda ekologiýa çäresi geçiriler

7-nji noýabrda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky Nowruz ýaýlasynda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler.

Döwlet Baştutany Hökümet mejlisiniň barşynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýagny bag ekmek boýunça ekologiýa çäresini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ekologiýa meseleleri hemişe biziň daşary we içeri syýasatymyzyň örän möhüm ugrudyr. Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda ýurdumyz şeýle meseleler bilen bagly köp sanly başlangyçlary öňe sürýär.