Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparyň mejlisi geçirildi

Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparyň mejlisi geçirildi

31-nji oktýabrda Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara toparyň birinji mejlisi geçirildi. Mejlise toparyň agzalary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, şeýle-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar Pudagara toparyň işiniň esasy ugurlary, 2020-nji ýyl üçin iş meýilnamasy barada pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistan tarapyndan daşky gurşawy goramak boýunça halkara Konwensiýalaryň ýerine ýetirilişi baradaky meselelere seredildi. Bu toparyň çäklerinde iş toparlaryny döretmek barada gürrüň edildi.
Mejlise gatnaşyjylar Aral deňziniň tebigata, howa, adam saglygyna zyýanly täsir edýän meseleleriniň üstünde aýratyn durup geçdiler.
Ýatlap geçsek, Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça Pudagara topar 2020-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça Türkmenistan bilen halkara guramalaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek hem-de bu ugurda gol çekilen we tassyklanan halkara şertnamalarynyň düzgünleriniň talaplaryny durmuşa geçirmek boýunça döwletimiziň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda döredildi.