Habib ýaş türgenlere tälim bermek bilen meşgullanar

Habib ýaş türgenlere tälim bermek bilen meşgullanar

Habib Nurmagomedow we onuň tälimçisi Hawýer Mendes turnirden soň wideo ýazgysyny taýýarladylar. Bu wideo UFC Russia-nyň resmi Instagramynda peýda boldy.

Habibiň aýtmagyna görä, zehinli söweşijileriň täze nesli kemala gelýär.

“Biz örän tiz wagtdan ýokaryk dolanyp bararys” – diýip, söweşiji aýdýar.

Tälimçisi Habibden sporta tälimçi hökmünde dolanyp barmak baradaky pikirini sorady. Nurmagomedow öz gezeginde muňa umyt bildirýändigini aýtdy we birnäçe ýyllap halypasyna beýleki çagalary türgenleşdirmäge kömek edendigini hem belledi.

“Köp ýyl diýsene. Diýmek, ýene-de ençeme ýyl bu işi dowam etdirersiň” – diýip, Mendes onuň sözüniň üstüni ýetirdi.

Mendes Habib Nurmagomedowyň türgenleşen AKA sport zalyny esaslandyryjylaryň biridir. Tälimçi birnäçe çempionlary taýýarlady, olaryň arasynda Frenk Şemrok, Keýn Welaskes, Lýuk Rokhold hem bar. Şeýle-de, ýakynda MMA-dan giden iki agram kategoriýasynda UFC-niň eks-çempiony Deniel Kormýe hem onuň okuwçysy bolupdy.