Ýaponiýa bug gazlarynyň zyňyndylaryny bes etmegi wada berdi

Ýaponiýa bug gazlarynyň zyňyndylaryny bes etmegi wada berdi

Ýerde ýylylygy güýçlendirýändigi sebäpli, Ýaponiýada parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 2050-nji ýyla çenli bes etmegi wada berdiler. Bu barada ýurduň premýer-ministri Ýosihido Suga aýtdy. Muny piter.tv belläp geçýär.

“Biziň ýurdumyz 2050-nji ýyla çenli parnik gaz zyňyndylaryny nola çenli azaldar. Şol wagta çenli kömürturşy gazyndan doly derejede saplanan jemgyýeti gurmaga çalyşjakdygymyzy mälim edýärin” – diýip, Ýaponiýanyň premýer-ministri Ýosihido Suga belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, ýurduň häkimiýetleri ykdysady ösüşi we daşky gurşawa ideg etmegi goldajak syýasaty alyp bararlar. Bu ýapon ykdysadyýetiniň ösmegine täze itergi berjek senagat gurluşynyň üýtgemegine sebäp bolmalydyr.
Uglerodsyz jemgyýet energetika we awtomobil pudaklarynda halkara borçlaryň berk berjaý edilmeginiň hasabyna dörediler. Munuň üçin Ýaponiýa “hapa” kömür energiýasyny häzirki we ekologiki taýdan arassa energiýa geçirmeli, şeýle-de atomdan ýüz öwrüp, ýurtda “ýaşyl” energiýanyň, gaýtadan dikeldilýän gün we ýel energiýa çeşmeleriniň paýyny artdyrmaly.
Ýewropanyň Beýik Britaniýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly ýurtlary hem energetika pudagynda tebigy gaza geçmek we kömür bilen işleýän elektrik stansiýalaryny ýapmak kararyna geldiler.