Ispaniýa ýene-de koronawirusyň penjesinde

Ispaniýa ýene-de koronawirusyň penjesinde

Ispaniýada ýene-de koronawirus zerarly adatdan daşary ýagdaý yglan edildi. Adatdan daşary ýagdaý koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäre hökmünde Ispaniýanyň hemme ýerinde hökümetiň karary bilen girizildi diýip, INTERFAX.RU habar berýär.

Adatdan daşary ýagdaý ilkibaşda 15 gün dowam eder, emma ýurduň parlamenti hökümetiň teklibini goldasa, bu tertip alty aýa çenli uzaldylyp bilner
Adatdan daşary ýagdaýda ýerli wagt bilen 23:00-dan 06:00-a çenli komendant sagady göz öňünde tutulýar, sosial aragatnaşyklara çäklendirmeler girizilýär we hereketler ýerli derejede çäklendirilip bilinýär. Mundan başga-da, ýerli häkimiýetler komendant sagadynyň dowamlylygyny kadalaşdyryp bilýärler.
Bu adatdan daşary ýagdaý diňe Kanar adalaryna degişli däldir. Munuň özi esasy girdeji çeşmeleriniň biri bolan syýahatçylyk pudagyny goldamak üçin zerurdyr we Ispaniýanyň bu sebitinde COVID-19 keseliniň derejesi ýurduň beýleki ýerlerindäki ýaly howsalaly däl.
Epidemiologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagy sebäpli adatdan daşary ýagdaý şu ýyl Ispaniýada eýýäm ikinji gezek yglan edildi. Ilkinji gezek ol 14-nji martda girizilipdi we onda has berk çäreler ýola goýlupdy.