BSGG we Wikipediýa bilelikde koronawirus hakda hakykaty ýazarlar

BSGG we Wikipediýa bilelikde koronawirus hakda hakykaty ýazarlar

BSGG Wikipediýa internet-ensiklopediýasyna eýelik edýän Wikimedia Foundation guramasy bilen köp sanly galp maglumatlara we myş-myşlara garşy bilelikde hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşdylar. Wikipediýa ulanyjylary indi COVID-19 hakda iň ygtybarly maglumatlary alyp bilerler diýip, Sputnik gullugy habar berýär.

BSGG-niň Ženewadaky baş edarasynyň habaryna görä, sanly gaznada - "Wikiskladda" saklanjak koronawirus, infografika we beýleki multimediýa maglumatlary barada iň täze we iň aktual maglumatlar dünýäniň ähli künjegindäki adamlara elýeterli bolar. 250,000-den gowrak meýletinçi-redaktor koronawirus mowzugyny has giň we ygtybarly beýan edip biler. Häzir şeýle maglumat gory 175 dilde elýeterli bolup, ol 5, 2 müňden gowrak makalany özünde jemleýär. Wikipediýanyň meýletinçileriniň köpüsiniň kömegi bilen BSGG-niň maglumatlary milli we sebit dillerine terjime ediler.

"Saglyk hakynda ygtybarly maglumatlara deň elýeterlilik howpsuzlygyň üpjün edilmegi we adamlaryň habarly bolmagy üçin möhümdir. Wikimedia Foundation bilen täze hyzmatdaşlygymyz BSGG-niň ygtybarly maglumatlaryna elýeterliligi giňelder"-diýip, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň baş direktory Tedros Adan Gebreýesus mälim etdi.