Daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn okuwlar geçirilýär

Daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn okuwlar geçirilýär

Düýn Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň gurnamagynda «Bitarap Türkmenistan — parahatçylygyň, durnuklylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna» temasy boýunça daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin onlaýn görnüşindäki üç günlük diplomatik okuwlar başlady.

Bu okuwlara dünýäniň 13 ýurdundan, hususan-da Owganystandan, Özbegistandan, Russiýadan, Türkiýeden, Belarusdan, Awstriýadan, ABŞ-dan, Wengriýadan, Günorta Afrika Respublikasyndan, Malaýziýadan, Pakistandan, Ermenistandan, Hytaýdan 30-dan gowrak diplomatlar gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän bu okuwlar oňa gatnaşyjylara döwletiň şu özboluşly hukuk derejesi, onuň daşary syýasatyň durmuşa geçirilmegindäki ähmiýeti hakyndaky bilimleriniň artdyrylmagyna gönükdirilendir.
Okuwlaryň birinji gününde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory, şeýle-de türkmen diplomatiýasynyň halypalary – ýaş türkmen diplomatlaryna diplomatik gullugyň aýratynlyklaryny içgin öwredýän Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri leksiýalar bilen çykyş etdiler.
Okuwlaryň ikinji güni daşary ýurtlaryň ýaş diplomatlary üçin BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezinde dowam eder we ol ýerde Merkeziň ýolbaşçylary çykyş ederler.
Okuwlar degişlilikde 23-nji oktýabra çenli dowam eder.