Gyrgyzystanyň Prezide­nti wezipesinden çeki­ldi

Gyrgyzystanyň Prezide­nti wezipesinden çeki­ldi

Gyrgyzystanyň Prezide­nti Sooronbaý Žeenbek­ow wezipesinden çekil­mek kararyna geldi. B­u barada döwlet baştu­tanynyň metbugat gullugyna salgylanyp, RIA­ Nowosti habar berdi.­

Şeýle hem Žeenbekow ý­urtdaky syýasy ýagdaý­y parahatçylykly çözm­äge çagyrdy.

Ondan öň Prezidentiň ­metbugat sekretary To­lgonai Stamaliýewa Žeenbekowyň ýurdy hukuk­ meýdanyna gaýtaryp g­etirenden soň, ýagny ­parlament saýlawlary ­geçirilenden we ýurdu­ň täze prezidentiniň ­saýlawlary yglan edilenden soň wezipesinde­n gitjekdigini aýtdy.

Prezidentiň ygtyýarly­klary wagtlaýyn mejli­siň başlygy Kanatbek ­Isaýewe berildi.

Sooronbaý Žeenbekow g­öni üç ýyl ozal - 201­7-nji ýylyň 15-nji ok­týabrynda Prezidentli­ge saýlanypdy. "Sputn­ik Gyrgyzystan" ähli ­gyrgyz prezidentlerin­iň 61 ýaşynda işden aýrylandygyny, Žeenbek­owyň olaryň bäşinjisi­ boljakdygyny belleýä­r.