Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepde boýunça Türkmenistanyň birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we awtobenzin satyn aldylar. Türkiýeli işewürler “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar. Bulardan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Ermenistanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah we jinsi matalaryny, nah ýüplügi, plastik gaplary satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 776 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystan Yslam Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 1 million 333 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 5 million 691 müň manatlykdan gowrak haly önümlerini we “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polipropileni satyn aldylar.