"Türkmenhowaýollarynyň" hünärmenleri çarter uçuşy bilen Kazana okuwa bardy

"Türkmenhowaýollarynyň" hünärmenleri çarter uçuşy bilen Kazana okuwa bardy

"Türkmenhowaýollary" agentliginiň we onuň garamagyndaky edaralaryň 43 hünärmeni 7-nji oktýabrda Aşgabat-Moskwa çarter uçuşy bilen Russiýa bardy.

Russiýa Federasiýasyna saparyň maksady, "Türkmenhowaýollary" bilen "Kazan dikuçar zawodynyň" arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, Kazanda türkmen awiatorlaryny we tehniki hünärmenlerini taýýarlamakdan ybarat.
Öň, "Türkmenhowaýollarynyň" çarter uçuşy bilen pandemiýa sebäpli Russiýa Federasiýasynda galan türkmen raýatlarynyň ýurdumyza getirilendigini habar beripdik.