Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek hakynda resminama gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti kazylary wezipä bellemek hakynda resminama gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar etdi:

  • Atajan Akmyradowiç Rozyýew Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenilip, oňa bäşinji hünär derejesi berilmeli;
  • Remezan Hojamuradowiç Hanow Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenilip, oňa bäşinji hünär derejesi berilmeli;
  • Zafar Joraýewiç Nurmamedow Lebap welaýatynyň Farap etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenilip, oňa bäşinji hünär derejesi berilmeli;
  • Gülälek Annamyradowna Atahanowa Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellenilip, oňa bäşinji hünär derejesi berilmeli.