Türkmenistan koronawirusa garşy waksinany döretmekde Russiýa bilen hyzmatdaşlyga ynam bildirýär

Türkmenistan koronawirusa garşy waksinany döretmekde Russiýa bilen hyzmatdaşlyga ynam bildirýär

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmen Lideri russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda giň ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürilýän türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösdürilmeginde bilelikdäki Hökümetara toparyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin Türkmenistan bilen Russiýanyň dürli edaralarynyň we hususy düzümleriniň arasyndaky islendik gatnaşyklaryň höweslendirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Şol bir wagtyň özünde saglygy goraýyş we derman senagaty ugurlaryndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzda russiýaly alymlaryň koronawirus ýokanjyna garşy waksinany döretmek boýunça soňky döwürde gazanýan netijelerine uly baha berilýär hem-de Russiýa bilen bu ulgamdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirilýär.
Sebitara we halkara meseleler boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Hazarýaka ýurtlaryň bäştaraplaýyn syýasy gatnaşyklarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk meselelerine deglip geçildi. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň awgust aýynda kenarýaka döwletleriň ýolbaşçylary nobatdaky — VI Hazar sammitini Türkmenistanda geçirmek barada ylalaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini özi üçin islendik amatly pursatda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy.