Dünýäde her 10 adamdan biri koronawirus bilen keselläp bilerdi - BSGG

Dünýäde her 10 adamdan biri koronawirus bilen keselläp bilerdi - BSGG

"Pandemiýa başlaly bäri dünýä ilatynyň, takmynan, 10%-i koronawirus bilen keselläp bilerdi" diýip, BSGG-niň saglyk ulgamynda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça maksatnamasynyň müdiri Maýkl Raýan aýtdy. Bu barada Sputnik gullugy habar berýär.

"Dünýä ilatynyň, takmynan, 10%-ine wirusyň ýokuşan bolmagy ähtimal. Bu sanlar ýurtlara we dürli toparlara görä üýtgeýär" - diýip Raýan belleýär.

Raýan şeýle maglumatlaryň guramanyň dünýädäki ýaşaýjylaryň köpüsiniň COVID-19 bilen kesesezewar bolmak howpunyň bardygy baradaky garaýşyny tassyklaýandygyny aýtdy.
Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda Afrika ýurtlarynda we Ýuwaş ummanynyň günbatar kenarlarynda koronawirus bilen bagly ýagdaý gowulaşdy, ýöne şol bir wagtyň özünde günorta-gündogar Aziýada we demirgazyk ýarym şarda ýokanç keselleriň sany ýene köpeldi.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adanom Gebreýesus şu güne çenli COVID-19 bilen kesellemegiň 35 milliona golaýynyň hasaba alnandygyny we bir milliondan gowrak adamyň ölendigini ýatlatdy.