Hazaryň kenaryndaky «Awaza» şypahanasy müşderilere hyzmat edip başlady

Hazaryň kenaryndaky «Awaza» şypahanasy müşderilere hyzmat edip başlady

Dünýäde we sebitde epidemiologik ýagdaýyň durnuksyz bolmagyny nazara alyp, Türkmenistan raýatlarymyzyň Hazar deňziniň kenarynda dynç almagyna bolan çäklendirmäniň möhletini 1-nji noýabra çenli uzaltdy. Şol bir wagtda, oktýabr aýyndan başlap «Awaza» şypahanasyna dynç almak isleýänleri kabul etmäge rugsat berildi. Bu barada ORIENT habar berýär.

Şypahana bir wagtda 200 sany adamy kabul etmäge niýetlenendir. 9 gatly «Awaza» şypahanasy iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, bejeriş-dikeldiş hem-de anyklaýyş hyzmatlarynyň giň toplumyny hödürleýär.