BMG-niň Baş sekretary dünýäni "tebigata garşy söweşi" bes etmäge çagyrdy

BMG-niň Baş sekretary dünýäni "tebigata garşy söweşi" bes etmäge çagyrdy

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş adamzady daşky gurşaw bilen gatnaşyklary dikeltmek arkaly "tebigat bilen söweşi" bes etmäge çagyrdy. Bu barada Sputnik gullugy habar berýär.

"Adamzat tebigat bilen söweş alyp barýar. Biz tebigat bilen gatnaşyklarymyzy täzeden gurmaly" -diýip, Guterriş Biodürlülik boýunça geçirilen sammitde aýtdy. Onuň pikiriçe, dünýädäki suwasty merjen gaýalarynyň 60%-den gowragyna balyk tutmak, weýran ediji işler we howanyň üýtgemegi zerarly ýitmek howpy abanýar.

Artykmaç sarp etmek, ilatyň köpelmegi we intensiw oba hojalygy sebäpli ýabany tebigatyň populýasiýasy düýpgöter azalýar. Guterriş, takmynan 1 million görnüşiň howp astyndadygyny aýtdy.

"Biziň hemmämiz gowşak ulgamyň bir bölegi we geljekki nesilleriň gülläp ösmegi üçin bu ulgamyň sagdyn bolmagy zerur" -diýip, Baş sekretar belledi.

Guterriş biodürlüligi gorap saklamak üçin birnäçe çäreleri teklip etdi. Hususan-da, onuň pikiriçe, "daşky gurşaw çözgütleri koronawirus pandemiýasyndan dikeldiş meýilnamalaryna we has uly ösüş meýilnamalaryna goşulmalydyr".

Spikeriň pikiriçe, ykdysady ulgamlar we maliýe bazarlary jogapkärçilik çekmeli we tebigata maýa goýmaly.