“Volkswagen” “Bugatti” brendini satmak boýunça gepleşikleri geçirýär

“Volkswagen” “Bugatti” brendini satmak boýunça gepleşikleri geçirýär

Germaniýanyň awtoulag öndürijisi Volkswagen AG (VW) kaşaň sport awtoulag brendi “Bugattini” Horwatiýanyň “Rimac Automobili” kompaniýasyna satmak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada “The Wall Street Journal-a” salgylanyp, interfax.ru habar berýär.

Gepleşikler heniz başlangyç tapgyrda bolup, onuň ahyrynda ylalaşyga gelinjekdigine entek doly ynam ýok. Şeýle-de bolsa, görnüşine görä, “Volkswagen” brendini hökman satmak isleýär we “Rimac”-a we ony esaslandyryjy Mate Rimatsa uly hormat goýýar.
2009-njy ýylda döredilen “Rimac” beýleki awtoulag öndürijilerine iberýän elektromobilleri we gibridler üçin ýokary tehnologiýaly komponentleri işläp taýýarlamakda we öndürmekde ýöriteleşendir. “Rimac”-yň müşderileriniň içinde onuň 15,5 göterimine eýe bolan “Volkswagen Group Porsche”, ondan başga-da Aston Martin, Pininfarina we Koenigsegg degişlidir.
“Bugatti” brendini “Rimac”-a satmak baradaky gepleşikler “Volkswagen”-iň dizel dawasyndan soň başlanan we kompaniýanyň awtoulag pudagyna täsir edýän tehnologiki üýtgeşmelere uýgunlaşmagy sebäpli aktiwleriň geçirilmegine sebäp bolup biljek öz portfelini bahalandyrmaga gaýtadan başlandygyny görkezýär diýip, WSJ belleýär.
“Volkswagen”-iň paýnamalary sişenbe güni söwdada 1,7% gymmatlady. Olaryň bahasy ýylyň başyndan bäri 15,9% azaldy.