Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi italýan kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi italýan kompaniýasy bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligine Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesinde bazalt inçe süýüminden, mineral pamykdan ses we ýylylyk saklaýjy materiallary öndürýän kärhanany gurnamak üçin enjamlary satyn almak, ministrligiň Balkan kän müdirliginiň diwar materiallaryny öndürýän önümhanasynyň binasyny düýpli abatlamak hem-de enjamlary gurnamak barada Italiýa Respublikasynyň «Gamma Meccanica S.p.A.» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Degişli resminama Türkmenistanyň Prezidenti Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.
Işlere 2020-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we kärhanany 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.