UMEX Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

UMEX Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar

Konstanta portunyň operatory we Rumyniýanyň “Maria Group” kompaniýalarynyň oba hojalygynyň toparyna girýän rumyn kompaniýasy UMEX S. A. Türkmenistan bilen gönüden-göni hyzmatdaşlyga taýýar. Bu barada UMEX-iň Trend-a beren habarynda aýdylýar.

"Biz toparymyzy Hazar sebitindäki şuňa meňzeş işewürlik bilen baglanyşdyrmaga umyt edip, türkmen kompaniýalaryna toparymyzyň esasy şahslarynyň (port işleri, söwda, oba hojalygy, gämi gatnawy, maldarçylyk, ýorunja ugry bilen meşgullanýanlaryň) aragatnaşyk maglumatlaryny we teklipleri berdik" diýlip, kompaniýa nygtaýar.

Şeýle hem, UMEX "Türkmendeňizderýaýollary" agentliginiň Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz porty bilen UMEX S. A. kompaniýasynyň arasynda has öň geçirilen, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşylan ara alyp maslahatlaşma barada aýtdy.

"Biz birnäçe türkmen kompaniýasynyň wekilleri bilen Türkmenistanyň Rumyniýadaky ilçihanasynyň ýardamy bilen guralan hakykatdan hem juda ýakymly wideo konferensiýa geçirdik" - diýlip, ministrlikde aýdylýar.

Mundan başga-da, UMEX bu çekişmeleriň Konstanta portunyň (tutuşlygyna) we UMEX terminalynyň (esasan-da), şeýle hem türkmen taslamalarynyň gatnaşmagynda umumy ýük akymlaryna gönükdirilendigini sözüniň üstüne goşdy.

"UMEX dürli görnüşli ýükleri, şol sanda taslama ýüklerini we dökünleri taýýarlamakda ýöriteleşen port operatorydyr. Bu iki görnüşli ýük, UMEX gullugyny Hazarýaka ýurtlary, şol sanda Türkmenistan bilen baglaýan halkadyr" -diýlip, UMEX-iň habarynda bellenilýär.