Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Rustam Minnihanowy Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowy Tatarystanyň döwlet Baştutany wezipesine geçirilen saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen gutlady.

15-nji sentýabrda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň gün tertibinde soňky ýyllarda kuwwatly itergä eýe bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň möhüm orun eýeleýändigi bellenildi. Işewür düzümleriň ulgamy boýunça göni aragatnaşyklary ýola goýmak arkaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine Prezident Rustam Minnihanowyň goşýan goşandyna ýokary baha berilýändigini belläp, abadançylygyň bähbidine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça netijeli gatnaşyklaryň we bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.