Ak bugdaý etrabynda Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-kliniki merkezi gurlar

Ak bugdaý etrabynda Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-kliniki merkezi gurlar

Gurbanguly Berdimuhamedow ýekşenbe güni paýtagtymyzyň töweregi boýunça welosipedli gezelenjiniň barşynda Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň çäginde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda dowam edýän şypahananyň ýanyna geldi. Bu ýerde gurluşyk işleri bilen bir hatarda, şypahana gelýän gara ýoly çekmek batly depginde alnyp barylýar.

Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygy dowam edýän şypahanada işler bilen tanyşlygyň barşynda, bu ýerde Wirusologiýa, bakteriologiýa we epidemiologiýa ylmy-kliniki merkezini gurmak barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berjekdigini aýtdy.
Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu merkeziň maksady sebitiň, hususan-da, Aral deňziniň tebigy gurşawynyň aýratynlyklarynyň adamyň saglygyna oňaýsyz täsirini azaltmagy öwrenmekden we öňüni almakdan ybarat bolar.
Ýurdumyzyň bu sebitinde gurulýan şypahana toplumy häzirki zamanyň ösen tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylar. Onda lukmançylyk hyzmatlarynyň dürli görnüşleri ýola goýlar.
Türkmen Lideri işleriň barşy bilen tanşyp, gurluşygyň bellenilen möhletinde tamamlanmagynyň hem-de ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň esasy talap bolup durýandygyny belledi.