Türkmenistanyň Prezidenti käbir ýolbaşçylara käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti käbir ýolbaşçylara käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Durdylyýew Durdyly Baýlyýewiçe hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiçe käýinç yglan edip, degişli Buýruga gol çekdi.

Resminamada bellenilişi ýaly, käýinç Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygyna wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna bolsa, garamagyndaky pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin yglan edildi.