R.Meredow Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

R.Meredow Fransiýanyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Fransua Delaus bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde habar bermeklerine görä, Duşuşygyň başynda türkmen tarapy türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň ösüşine goşan goşandy we hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryndaky öndürijilikli işi üçin Ilçä minnetdarlyk bildirdi. Fransiýanyň Ilçisi öz gezeginde işlemek üçin döredip beren ähli mümkinçilikleri hem-de Ilçihananyň işine beren hemmetaraplaýyn hemaýatlary dogrusynda biziň ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň berkidilmegi barada hem aýratyn belläp geçdiler. Şeýle hem halkara giňişliginde özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesi barada pikir alşyldy. Taraplar ýokary derejedäki duşuşyklary gurnamak meselesine seredip geçdiler.