Koronawirus bilen kesellemekden goraýan serişde tapyldy

Koronawirus bilen kesellemekden goraýan serişde tapyldy

Alymlar SARS-CoV-2 koronawirusynyň öýjüge girmegine päsgel berip biljek nanobedenjikleri kesgitlediler. Degişli barlagyň netijeleri «Nature Communications» žurnalynda neşir edildi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

Şwesiýada Karolinsk uniwersitetiniň hünärmenleri günorta amerikan lamasy alpaka koronawirusa öýjüge girmäge kömek edýän tiken görnüşli belogy sanjym arkaly goýberdiler, 60 günden soň onuň ganynyň nusgalary güýçli immun täsirini görkezdi. Şundan soň alymlar antibedenjikleriň emele gelmegine gatnaşýan haýwan B-limfositlerinden nanobedenjikleriň yzygiderliligini öwrendiler we nusgasyny aldylar.
Netijede, barlag işini geçirijiler nanobedenjigiň onuň tiken görnüşli belogynyň ACE2 reseptory bilen baglanyşýan we ýokary täsirliligi bilen wirusyň organizmiň öýjüklerine girmeginiň öňüni alýan böleklerine birigýän Ty1 görnüşini ýüze çykardylar.
Alymlar tapylan nanobedenjikleriň adaty antibedenjiklere garanda kiçi göwrümlidigini, önümçilikde has ýönekeý we tygşytlydygyny, şeýle hem adamlar tarapyndan uýgunlaşdyrylyp bilinjekdigini bellediler.