Aktýoryň aradan çykandygy baradaky habar Twitter-iň taryhynda iň meşhury boldy

Aktýoryň aradan çykandygy baradaky habar Twitter-iň taryhynda iň meşhury boldy

ABŞ-da 44 ýaşynda “Gara pantera”, “42”, “Jeýms Braun: Ýokaryk ýol” we beýleki filmlerde baş rollarda meşhurlyk gazanan aktýor Çedwik Bouzman ýogaldy.

2016-njy ýylda Bouzmanda ýogyn içege ragy ýüze çykaryldy. Ahyrky wagta çenli çiş üçünji derejesindedi we aktýora keseli gizlemek başardypdy: ol operasiýalar bilen himioterapiýa seanslarynyň arasyndaky arakesmede filmlere düşdi.
Twitter-iň maglumatlary boýunça, Çedwik Bouzmanyň akkauntynda neşir edilen aktýoryň ölümi baradaky habar internet torunyň tutuş taryhynyň içinde iň meşhur habar boldy. Muny RIA Nowosti ýetirýär.

“Şu wagta çenli iň köp “haladym” (laýk) alan twit. Patyşa mynasyp hormat, sarpa” – diýip, Twitter-de bellediler.

Sähelçe wagtyň içinde bu gynançly habar internet torunda 7,7 mln “haladym” gazandy.