Huawei-iň birinji ýarymýyllykda girdejisi ýokarlandy

Huawei-iň birinji ýarymýyllykda girdejisi ýokarlandy

Huawei hytaý kompaniýasynyň arassa girdejisi şu ýylyň birinji ýarymýyllygynda ýyllyk hasabynda 23,5% ýokarlandy. Bu barada cnTechPost portaly habar berýär, muny Regnum agentligi ýetirýär.

Maliýe netijeleri kompaniýanyň özi tarapyndan HHR-iň bank bazarynda hödürlenildi. 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda kompaniýanyň operasion girdejisi 450,7 mlrd ýuana ($65,65 mlrd) barabar boldy, bu 2019-njy ýylyň degişli döwründäkä garanda 13,67% köpdür. Kompaniýanyň bu döwür üçin arassa girdejisi ýyllyk hasabynda 23,49% ýokarlanyp, 43,1 mlrd ýuana ($6,38 mlrd) barabar boldy. Birinji ýarymýyllykda girdejiniň 255,8 mlrd ýuan ($37,26 mlrd) möçberindäki esasy bölegi Huawei-niň alyjylar bölümçesine degişli boldy.
Bu netijeler kompaniýanyň koronawirus ýokanjynyň pandemiýasynyň täsirlerinden soň dikelip başlandygyny görkezýär. Şu ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň arassa girdejisi 13,35 mlrd ýuana ($1,94 mlrd) barabar boldy, bu 2019-njy ýylyň degişli döwründäkiden 7,57% pesdir. 2019-njy ýylda Huawei hytaý kompaniýasynyň arassa girdejisi 62,7 mlrd ýuana ($8,83 mlrd) barabar boldy.
Huawei kompaniýasyndan başga ZTE hytaý tehno-ägirdi ýylyň birinji ýarymynyň içinde hem operasion girdejisini, hem arassa girdejisini ep-esli artdyrdy. Kompaniýada onuň ýönekeý paýdarlarynyň arassa girdejisiniň 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda 1,86 mlrd ýuana ($271 mln töweregi) ýetendigini, munuň geçen ýylyň degişli döwrüne garanda 26,3% ýokarydygyny habar berdiler.
Kompaniýanyň operasion girdejisi birinji alty aýyň içinde ýyllyk hasabynda 5,8% ýokarlanyp, 47,2 mlrd ýuana ýetdi. Mundan başga-da, ZTE tor operasiýalaryndan 34,97 mlrd ýuan gazandy, bu ýyllyk hasabynda 7,7% ýokarydyr.