Ilon Mask beýnisine çip oturdylan doňzy görkezdi

Ilon Mask beýnisine çip oturdylan doňzy görkezdi

Oýlap tapyjy-milliarder Ilon Mask öz esaslandyrylan Neuralink kompaniýasynda pikir edişlerine görä, newrologik keselleri bejermäge mümkinçilik berjek beýni implanty girizilen doňzy görkezdi. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.

YouTube kanalyndaky görkezilişiň dowamynda Mask beýnisine teňňe möçberindäki (diametri 8 millimetr) implant girizilen doňzy görkezdi.

“Bu siziň kelle süňküňizdäki kiçijik simli Fitbit ýaly” – diýip, Mask düşündirdi. “Bu eýýäm iki aý bäri duran we örän gowy işleýän implantly sagdyn we özüni gowy duýýan doňuz” – diýip, Mask aýtdy. Ol gatnaşyjylaryň eşiden gysga gudoklarynyň yzygiderliliginiň doňzuň tumşugyndan onuň beýnisine barýan neýron impulslaryny şöhlelendirýändigini düşündirdi. Her gezek, haçan-da doňuz nämedir bir zady ysganda ýa-da tumşugy bilen süýkenende beýnidäki gurluş impulslary bellige alýar.

Mask geljekde şeýle implantlar ysmazlygy, Alsgeýmer keselini we demensiýany bejermäge kömek eder diýip umyt bildirýär. Ol şeýle-de implant adama emeli intellekt bilen sazlaşykly birleşmäge kömek eder diýip hasaplaýar, gözegçilige alynmaýan emeli intellektiň ösüşiniň howpy barada Mask birnäçe gezek duýdurypdy.
Onuň aýtmagyna görä, ol birinji implanty adama girizmek üçin sazlaýjylaryň ygtyýaryny eýýäm şu ýylda almaga umyt bildirýär. Öň adamlara pikiriň güýji bilen implanta birikdirilen robotlaryň kömegi bilen ýönekeý operasiýalary geçirmäge mümkinçilik beren beýnidäki implantlar bilen tejribe geçirildi.


Mask Neuralink kompaniýasyny 2016-njy ýylda esaslandyrdy we kompaniýanyň maliýeleşdirilmesi üçin 150 million dollaryň üçden iki bölegini berdi.