Messi Neýmary "Mançester Sitä" geçmäge çagyrdy

Messi Neýmary "Mançester Sitä" geçmäge çagyrdy

«Barselonanyň» argentinaly hüjümçisi Lionel Messi «Mançester Sitä» geçäýen ýagdaýynda, öňki topardaşy Neýmaryň hem öz ýanyna goşulmagyny isleýär. Bu barada ESPN habar gullugyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Neşiriň bellemegine görä, Messi eýýäm «PSŽ-niň» braziliýaly hüjümçisi bilen habarlaşyp, Angliýanyň premýer-ligasynda çykyş etmek islegi barada habar berdi. Argentinaly hüjümçi Neýmaryň hem toparyny üýtgetmek isleýändigine bil baglaýar.
Neýmaryň «PSŽ» bilen şertnamasynyň ýene iki ýyldan tamamlanýandygyny ýatladýarys.
Mälim bolşy ýaly, «Mançester Siti» Lionel Messini satyn almak isleýär. Iňlis kluby, eger-de Messi katalon topary bilen şertnamasyny bozmak kararyna gelse, 33 ýaşly hüjümçini erkin agent hökmünde almak ýaly ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutýarlar.

Şeýle hem habar berlişi ýaly, «Pari Sen-Žermen» klubynyň sport direktory Leonardo Lionel Messiniň kakasy we agenti Horhe Messi bilen futbolçyny fransuz klubynyň düzümine almak boýunça gepleşikleri geçirdi. Emma Horhe Messi oglunyň «Mançester Sitiniň» peýdasyna çözgüt kabul edendigini aýtdy.