Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň baýlygy $200 milliarda ýetdi

Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň baýlygy $200 milliarda ýetdi

Dünýäniň iň baý adamy, Amazon amerikan korporasiýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezosyň baýlygy $199,7 milliarda ýetdi, bu işewür üçin rekord görkezijidir. Bu barada «Forbes» žurnalyna salgylanyp, ТАSS ýetirýär.

Neşir sişenbe gününde kompaniýanyň paýnamalarynyň bazarynyň dowamynda Bezosyň baýlygynyň hatda $200 milliarddan hem geçendigini, ýöne bazaryň ahyryna çenli onuň biraz kemelendigini belleýär. Žurnala laýyklykda, pandemiýanyň başyndan bäri kompaniýanyň paýnamalarynyň 11%-ine eýeçilik edýän işewüriň kagyzlary 55%-den hem gowrak gymmatlady. Soňky 12 aýyň içinde dünýäde uly internet-reteýleriniň eýesi $86 mlrd baýady.
Bezos «Forbes» žurnalynyň dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda 2018-nji ýyldan bäri birinji orny eýeleýär. Häzirki wagtda neşiriň reýtinginiň ikinji setirinde Microsoft korporasiýasyny esaslandyryjylaryň biri Bill Geýts özüniň $115,5 milliardy bilen ýerleşýär. Üçünji orunda LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) kompaniýasynyň fransuz toparynyň baş müdiri Bernar Arno ýerleşýär, onuň baýlygy $113,2 milliard bilen bahalandyrylýar.
Internet arkaly harytlary we hyzmatlary satýan Amazon kompaniýasy 1994-nji ýylda ABŞ-da Jeff Bezos tarapyndan esaslandyryldy. Kitaplaryň we aýdym-saz plastinkalarynyň satuwyndan korporasiýa ýuwaş-ýuwaşdan wideo-ýazgylaryň, wideo-oýunlaryň we hojalyk-durmuş elektronikasynyň söwdasyna girişdi, şeýle-de ABŞ-da birinji bolup saýtynyň ulanyjylaryna filmleri internete birikmezden görmek mümkinçiligi bilen olary tölegli ýüklemek hyzmatyny hödürledi.