Ronald Kuman – Barselonanyň baş tälimçisi

Ronald Kuman – Barselonanyň baş tälimçisi

Barselonanyň” resmi saýty toparyň täze baş tälimçisiniň niderlandly hünärmen Ronald Kumanyň bolandygyny habar berdi.

Tälimçi bilen şertnama geljek iki ýyl möhlet bilen gol çekildi. Kataloniýanyň paýtagtynda işi gazanmak üçin Kuman 2018-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýän Niderlandlaryň ýygyndy toparyndan gitmeli boldy.
Özüniň wezipesinde Kuman Çempionlar ligasynda Bawariýadan 2:8 hasaby bilen masgaraçylykly ýeňlişden soň işinden çykarylan Kike Setýeni çalşyrdy. 
Şu gün agşam täze tälimçi tanyşdyrylar we onuň birinji metbugat konferensiýasy geçiriler.
Belläp geçsek, Kuman alty ýyllap “Barselonada” oýunçy hökmünde çykyş etdi we meşhur toparyň bir bölegi boldy. Tälimçilik karýerasynyň başynda ol Lui Wan Galyň ýolbaşçylygyndaky “Barselonanyň” ştabyna hem girdi.
Öň “Barselonanyň” Ronald Kuman bilen şertnama baglaşsa, Niderlandlaryň futbol federasiýasyna 4-5 million ýewro tölemeli boljakdygy habar berildi. Gyzykly ýeri, şu gyşda Kuman ýygyndy topary bir ýyldan geçiriljek Ýewro-2020-ä taýýarlamaga wada berendigi sebäpli, “Barselona” ýolbaşçylyk etmekden boýun gaçyrdy.