Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Baş direktory bilen COVID-19-a garşy göreş meselesini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BSGG-niň Baş direktory bilen COVID-19-a garşy göreş meselesini maslahatlaşdy

7-nji awgustda zähmet rugsady tamamlanandan soň, ilkinji iş güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus bilen wideoaragatnaşyk boýunça duşuşyk geçirdi.

COVID-19 pandemiýasy bilen baglylykda, dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýy nazara almak bilen, ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy bilelikde göreşmek hem-de olaryň ýetirýän zyýanyny azaltmagyň mümkin bolan ýollary babatdaky meselä aýratyn üns berildi.
Türkmenistan täze görnüşdäki koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde hem-de ählumumy wehimlere özara ylalaşylan jogaplary taýýarlamak babatda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakda BSGG-niň möhüm orun eýeleýändigini belleýär.
Türkmen Lideriniň nygtaýşy ýaly, degişli ugurda halkara hyzmatdaşlygyň netijeliligini diňe BMG-niň şu abraýly düzümi tarapyndan ylmy taýdan esaslandyrylan maslahatlaryň ähli döwletler tarapyndan takyk berjaý edilen ýagdaýynda gazanyp bolar.
Döwlet Baştutany häzir bütin adamzadyň täze ählumumy howp — koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny nygtady. Bu döwürde biz özümiziň çärýek asyryň dowamynda toplan oňyn tejribämize daýanyp, COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagyna garşy göreşmek ugrunda toplumlaýyn çäreleri gördük.
Türkmenistan bu ugurda amala aşyrýan çärelerini dünýä jemgyýetçiliginiň alyp barýan işlerine doly laýyk getirip, halkara tagallalary koronawirusa garşy göreşde birleşdirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Bellenilişi ýaly, bu ugurda ýurdumyzda şu ýylyň maý — iýul aýlarynda uly işler edildi. Mysal üçin, 22-nji maýda Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy döwlet derejesinde tassyklanyldy.
Bu Meýilnamada ýokanç keselleri anyklamak, bejermek we olaryň öňüni almak üçin zerur bolan maddy-tehniki binýady mundan beýläk-de berkitmek boýunça anyk çäreler bellenildi.
Olaryň hatarynda ulanylmaga berlen täze karantin merkezleri, ýiti ýokanja meňzeş keseliň alamatlary bolan adamlary bejermäge niýetlenip, iş ugry üýtgedilen aýry-aýry lukmançylyk edaralary bar. Ýokarda agzalan Meýilnama esasynda zerur bolan derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary satyn alynýar diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Ýurdumyzda häzirki wagtda ilaty ählumumy dispanser gözegçiliginden geçirmek işi alnyp barylýar, şeýle hem adamlaryň kesele durnuklylyk ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça degerli çäreler görülýär. Türkmenistan täze görnüşli koronawirusa garşy göreşde tehnologiýalaryň elýeterli bolmagy üçin esas bolup durýan C-TAP platformasyny döretmek baradaky BSGG-niň teklibini goldap çykyş etdi.
Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, bu platforma COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşyny açyk-aýdyň açyp görkezmek, kliniki synaglaryň ähli netijelerini çap etmek, ylmy işleriň maglumatlarynyň adalatly paýlanmagy we elýeterli edilmegi üçin mümkinçilik hökmünde garalýar.
Ýurtlaryň we halkara guramalaryň bilelikde alyp barýan işleri öz oňyn netijelerini berýär. Şonuň bilen bir hatarda, heniz COVID-19 ýokanjyna degişli köp sanly meseleler hem aýdyň bolman galýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz tekliplerini öňe sürýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Birinjiden, täze görnüşli ýokanjyň ýüze çykmagynyň sebäpleri häzire çenli doly çözülmedik mesele bolup durýar. Bu meseläniň üstünde häzir dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlary işleýär. Hakykatdan-da, häzirki wagtda, umuman, koronawirusyň ýüze çykmagynyň sebäplerini açyp görkezýän birnäçe düýpli ylmy işler bar. Bu bolsa giňden ýaýraýan keselleri bejermegiň dogry usullaryny kesgitlemäge köp babatda ýardam berýär.
Bu ýokanjyň ýaýramagynyň mümkin bolan ýollaryny öwrenmek işi dowam edýär. Soňky döwürde köp sanly hünärmenler howa-damja ýoly wirusyň ýaýramagynyň sebäpleriniň biri diýen pikire gelýärler. Muny türkmen alym-lukmanlarynyň, ekologlarynyň, ylmyň beýleki pudaklarynyň wekilleriniň barlaglary hem görkezýär.
Şol bir wagtda, täze koronawirusyň üýtgäp durmagy, täze görnüşleriniň döremegi hem möhüm mesele bolmagynda galýar. Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli ylmy işleri alyp barmagyň maksadalaýyk bolup durýandygyny belledi. Bu bolsa ýokanjyň çylşyrymly gelip çykyşyny, onuň häsiýetini çalt üýtgetmek ukybyny has doly açyp görkezýän maglumaty almaga mümkinçilik berer.
Biziň pikirimizçe, şeýle işi netijeli geçirmek maksady bilen, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamasyny taýýarlamak gerek diýip, döwlet Baştutany belledi.
Ikinjiden, COVID-19 ýokanjy sebäpli keselleriň ýüze çykmagynyň görnüşleri çylşyrymly mesele bolup durýar. Häzirki wagtda olaryň alamatlarynyň esasylary bize mälim we dem alyş ýollarynyň keselleriniň agyrlyk derejesi kesgitlenildi diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi. Emma täze görnüşli bu ýokanç netijesinde döreýän keselleriň hakyky ýüze çykmagy barada belli bir pikir ýok.
Biziň sebitimizde çalt ýaýraýan, gelip çykyşy näbelli bolan öýken sowuklama keseli muňa mysal bolup biler. Bu keseli täze koronawirus döredýär diýen pikir hem bar. Ýöne, şunuň bilen birlikde, şeýle öýken sowuklamasyna meňzeş aýratynlyk barlaghanada düýpli seljerilende we döwrebap lukmançylyk tehnologiýalaryny, şol sanda kompýuter tomografiýasyny ulanmagyň netijesinde alnan hakyky maglumatlar jikme-jik öwrenilende ýüze çykarylýar.
Men örän ýakyn wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň howandarlygynda bu keseli dogry anyklamak üçin döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegiň zerurdygyna ynanýaryn diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usulyny döretmek barada oýlanmagy teklip etdi.
Üçünjiden, täze döreýän ýokanç keselleri bejermegiň we olaryň öňüni almagyň usullaryny kämilleşdirmek örän möhüm wezipe bolup durýar. Elbetde, bu wezipäni netijeli ýerine ýetirmek, täze mikroorganizmleriň gelip çykyşyna we olaryň döredýän keselleriniň ýüze çykyşynyň görnüşlerine degişli ýokarda agzalan meseleleriň çözülişiniň netijeleri bilen gönüden-göni baglydyr.
Biz degişli ýokanç keselleri bejermegiň beýanyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň goldawyna bil baglaýarys diýip, döwlet Baştutany belledi. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň düzüminde Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek meselesine seretmek hem maksadalaýyk hasaplanylýar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreisus Türkmenistanyň Prezidentine mazmunly çykyşy hem-de teklipleri üçin hoşallyk bildirip, türkmen Lideriniň işläp taýýarlan milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek strategiýasyna hem-de gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklary amala aşyrmaga bolan islegine ýokary baha berdi.
Duşuşygyň barşynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklipleriniň wajypdygyny aýdyp, olaryň umumadamzat üçin ähmiýetli bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň öňe süren teklipleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan hemmetaraplaýyn öwrenilip, Türkmenistan bilen bilelikde iş alyp barmaga taýýardygyny nygtady.