Samsung Hytaýda kompýuterleriň önümçiligi boýunça soňky kärhanasynyň işini bes eder

Samsung Hytaýda kompýuterleriň önümçiligi boýunça soňky kärhanasynyň işini bes eder

Samsung günorta koreý kompaniýasy  Hytaýdaky Samsung Electronics Suzhou Computer soňky kärhanasynda personal kompýuterleriň önümçiligini bes eder. Bu barada “South China Morning Post” gazetine salgylanmak bilen, regnum.ru habar berýär.

Suçžou şäherindäki kärhana Hytaýda Samsung kompýuterleriniň önümçiligi boýunça soňky kärhanady. Ol 2002-nji ýylda işe girizildi, 2012-nji ýylda bolsa kärhanada 6500 adam işleýärdi.
Soňky ýyllarda kompaniýa Samsung Electronics Suzhou Computer kärhanasynda önümçiligiň göwrümini kem-kemden azaldypdy, häzir bolsa kärhanany doly derejede saklamak kararyna geldi. Munuň sebäbiniň “bazardaky ýiti bäsdeşligiň” bolandygy bellenilip geçilýär. Samsung Suçžouda barlag we işläp bejeriş merkezini saklap galar, Samsung Electronics Suzhou Computer kärhanasynyň işgärlerine bolsa günorta koreý kompaniýanyň beýleki kärhanalaryna geçmek we iş bilen üpjün etmek mümkinçiligi hödürleniler.
Samsungyň metbugat gullugynda hytaý alyjylaryna önümleri we hyzmatlary ýetirmegi dowam etdirjekdiklerini aýtdylar.
Ýatlap geçsek, 2019-njy ýylyň oktýabrynda Samsung kompaniýasy Hytaýda smartfonlaryň önümçiligi boýunça soňky kärhanasyny ýapdy. Kärhananyň ýapylmagynyň sebäbini Hytaýda kompaniýanyň önümlerine islegiň pes bolmagy bilen düşündirdiler. Ýöne kompaniýanyň ýurtdan önümçiligi aýyrmagy Hytaýda işçi güýjüniň bahasynyň ýokarlanmagy, ABŞ bilen Hytaýyň arasyndaky söwda urşy hem-de pandemiýanyň täsiri bilen bagly bolmagy mümkin.