“Formula-1” Gran-priniň dört tapgyryny geçirmekden boýun gaçyrdy

“Formula-1” Gran-priniň dört tapgyryny geçirmekden boýun gaçyrdy

“Formula-1-iň” ýolbaşçylygy şu möwsümde ABŞ-nyň, Braziliýanyň we Meksikanyň Gran-prisini geçirmez. Guramanyň saýtynda habar berlişine görä, bu ýurtlarda koronawirus sebäpli ýaramaz ýagdaý bilen baglylykda şeýle karara gelindi. Netijede, senenamada bu tapgyrlar Ýewropadaky ýaryşlar bilen çalşyrylar. Muny rg.ru ýetirýär.
“Formula-1-iň” metbugat gullugy 2020-nji ýylyň möwsüminde ýaryşyň ýene üç tapgyrynyň geçiriljekdigini yglan etdi. Ýaryşlar Nýurnberg nemes şäherinde 11-nji oktýabrda, Portugaliýanyň Portumane şäherinde 25-nji oktýabrda we Italiýanyň Imole şäherinde 1-nji noýabrda geçer. Şeýle-de, Kanadadaky ýaryş hem ýatyryldy.
Häzirki wagtda senenamada 13 ýaryş bar, olardan üçüsi (ikisi Awstriýada we biri Wengriýada) geçdi. Gran-priniň indiki tapgyrlary Silwerstounda 2-nji we 9-njy awgustda, ispan Barselonasynda 16-njy awgustda, Belgiýanyň Spa şäherinde 30-njy awgustda, 6-njy we 11-nji sentýabrda Italiýada (Monsa we Toskana) geçer, Russiýanyň Gran-prisi Soçide 27-nji sentýabrda geçer.
Belläp geçsek, Formula-1 tapgyry Portugaliýada 1996-njy ýyldan bäri birinji gezek geçirer. Imoledäki ýaryş soňky gezek 2006-njy ýylda geçdi, şonda ol Gran-pri San-Marion ady bilen gurnaldy.