Hytaý Taýwana ýarag satandygy üçin amerikan kompaniýasyna sanksiýa girizdi

Hytaý Taýwana ýarag satandygy üçin amerikan kompaniýasyna sanksiýa girizdi

Hytaýyň sanksiýa çäreleriniň astyna Lockheed Martin amerikan kompaniýasy düşdi diýip, tdnu.ru neşiri habar berýär.

Hytaý amerikan ýarag öndürijisini öz önümini Taýwana satandygy üçin jezalandyrmak isledi, muny Sinhua agentligi ýetirýär.
“Hytaý ABŞ-nyň Taýwana ýarag satmagyna garşy. Biz Birleşen Ştatlary ýeke-täk Hytaýyň düzgünlerini berjaý etmäge we Taýwan bogazynda parahatçylygy hem-de durnuklylygy bozmazlyga çagyrýarys” – diýip, HHR-iň daşary işler ministrliginiň resmi wekili Çžao Liszýan aýdýar. Diplomat çäklendirmäniň girizilmeginiň Hytaýyň milli gyzyklanmalaryny goramak üçin möhüm çäredigini belledi. Ýatlap geçsek, hytaý tarapynyň beýannamasy Döwlet departamenti tarapyndan Taýwana 620 million dollara ýaragyň söwdasy makullanylandan soň edildi. Hytaý bu hereketleri özüniň garaşsyzlygyna howp hökmünde kabul edýär.
“ABŞ-nyň şeýle hereketleri ýeke Hytaýyň düzgünlerini we üç sany bilelikdäki hytaý-amerikan beýanatynyň düzgünini açyk bozmak bolup durýar. Bu Hytaýyň garaşsyzlygyna we howpsuzlygyna düýpli zyýan ýetirýär, şeýle-de HHR-iň içerki işlerine goşulmaklyk bolýar. Hytaý tarapy şunuň bilen baglylykda özüniň nägileligini we aýgytly garşylygyny bildirýär” – diýlip, habarda aýdylýar.
Lockheed Martin Corporation – atyjy ýaraglardan başlap, yklymara raketalaryna hem-de söweş gämilerine çenli ýarag we harby tehnikalaryny öndüriji kompaniýalaryň irileriniň biri. Hytaýyň Lockheed Martin korporasiýasynyň önümçilik işi üçin möhüm bolan seýrek duş gelýän ýer metallaryndan başlap, çeşmeleriň üpjünçiligini bes etmek islegi Birleşen Ştatlaryň awiasiýa pudagynda durgunlygy döredip biler. Çünki Hytaý seýrek duş gelýän metallary uly eksport ediji hasaplanylýar. ABŞ-da olaryň importy boýunça HHR bazaryň 80%-ini eýeleýär. ABŞ Taýwana ýarag satandygy üçin Pekiniň Lockheed Martin amerikan korporasiýasyna garşy çäklendirme girizmek islegi bilen bagly ökünýär we Hytaýyň bu gelen netijesini täzeden gözden geçirmegine umyt bildirýär diýip, ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo belleýär.