Hytaýda awtomobilleriň satuwy iýunda 11,6% ýokarlandy

Hytaýda awtomobilleriň satuwy iýunda 11,6% ýokarlandy

Hytaýyň awtobazary iýunda pandemiýa sebäpli ýüze çykan çökgünlikden soň dikelmegini dowam etdi. Iýun aýynda geçen ýylyň iýun aýy bilen deňeşdirilende awtomobilleriň satuwy Hytaýda 11,6%, ýagny 2,3 mln awtomobile çenli ýokarlandy diýip, Awtoöndürijileriň hytaý assosiasiýasy habar berýär. Muny 1prime.ru ýetirýär.

“Wall Street Journal” neşiriniň hasaby boýunça, ikinji çärýekde dünýäniň uly awtobazarynda söwda 10,4% ýokarlandy. Şeýle ösüşe kärhanalaryň işiniň dikelmegi we awtomobilleri satyn almakda döwlet goldawy ýardam berdi. Ýatlap geçsek, 2020-nji ýylyň mart aýynyň ahyrynda hytaý hökümeti elektromobilleriň satyn alynmagyna pul kömegini iki aý uzaltdy. Birinji çärýekde satuw 42,4% peseldi, aprel aýyndan ol ösüp başlady, esasan hem, söwda awtomobilleriniň satuwynyň hasabyna ösdi.
Ford Motor kompaniýasynda Hytaýda kompaniýanyň söwdasynyň ikinji çärýekde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3% ýokarlanandygy habar berildi, General Motors we Nissan Motor kompaniýalarynyň satuwy degişlilikde 5,3% we 3,9% kemeldi.
Awtoöndürijileriň assosiasiýasynda ikinji ýarymýyllykda pudagyň döwlet tarapyndan kadalaşdyrylmagyna garaşmaýandyklaryny, sebäbi ýurduň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklaryna garanda daşarky söwda az bagly bolan hytaý awtobazarynyň beýleki köp ugurlara garanda pandemiýadan soň dikelip, durnukly ýagdaýda işleýändigini aýtdylar.
Iýunda dilerleriň ätiýaçlyklary ýokarlandy, bu bolsa islegiň gowşandygyndan habar bermek bilen, satyjylara basyşy güýçlendirdi diýip, Awtodilerleriň Hytaý assosiasiýasynda belleýärler. Belläp geçsek, iýunda geçen ýylyň iýuny bilen deňeşdirilende, ýeňil awtomobilleriň bölekleýin söwdasy 6,2% kemeldi.