ABŞ-nyň ÝOM-y kazyýetden hökümetiň daşary ýurt talyplarynyň wizasy boýunça kararyny ýatyrmagy soradylar

ABŞ-nyň ÝOM-y kazyýetden hökümetiň daşary ýurt talyplarynyň wizasy boýunça kararyny ýatyrmagy soradylar

Garward we Prinston uniwersitetleri, şeýle-de Massaçuset tehnologik instituty amerikan hökümetiniň ýurtda okaýan daşary ýurt talyplarynyň güýzde olaryň okuw jaýlarynda ähli okuwlar pandemiýa sebäpli onlaýn režiminde geçse, olaryň okuw jaýyndan çykmalydygy baradaky kararyny wagtlaýyn ýatyrmagyny haýyş etmek bilen Bostonyň okrug kazyýetine ýüz tutdular. Bu barada TASS habar berýär.

Garward uniwersitetiniň rektory Lourens Bekounyň çarşenbe güni ýaýradylan beýannamasynda aýdylyşyna görä, bilim edaralary “tutuş ýurt boýunça daşary ýurt talyplarynyň okuwlaryny talyplaryň hataryndan çykarylmak howpuny duýman dowam etdirip bilmekleri üçin” şeýle ýoly saýlamaly boldular.
“Biz synp otaglarynda okuwlary bu talyplaryň saglygyna howp salmadyk ýagdaýynda dikeltmegi göz öňünde tutýarys. Heniz sanitar-epidemiologik ýagdaý üýtgemese, biz daşary ýurt talyplarymyzyň arzuwlarynyň nädogry görkezme sebäpli ýumrulýandygyna seredip oturmarys. Biz öz talyplarymyz üçin göreşmeli we biz muny ederis” – diýip, Bekou belleýär.
Geçen okuw ýylynda uniwersitetde 2055 sany daşary ýurt talyby bilim aldy. Öň, Prinston, Garward we ABŞ-nyň beýleki uniwersitetleriniň birnäçesi koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda täze ýarymýyllykda köp okuw meýilnamalarynyň onlaýn režiminde gurnaljakdygyny, talyplaryň şäherçelerinde berk sanitar düzgünleriniň giriziljekdigini habar berdiler.
Immigrasiýa we gümrük hyzmatlarynyň saýtynda duşenbe güni neşir edilen press-relizden gelip çykyşyna görä, F-1 we M-1 immigrasion däl ygtyýarnamalara eýe bolan we koronawirus pandemiýasy döwründe “uzak aralykdan” režiminde doly derejede işleýän okuw jaýlaryna barýan talyplar doly derejeli onlaýn-okuwlaryny alyp we ABŞ-da galyp bilmeýärler.