Saud Arabystany Haj parzyny berjaý etmek üçin täze düzgünleri girizdi

Saud Arabystany Haj parzyny berjaý etmek üçin täze düzgünleri girizdi

Saud Arabystany şu ýyl 28-nji iýuldan 2-nji awgust aralygynda Haja gitjek zyýaratçylar üçin birnäçe düzgünleri we çäklendirmeleri kesgitledi diýip, ORIENT habar berýär. “Asharq Al-Awsat” gazetiniň ýazmagyna görä, bu çäreler arassaçylyk howpsuzlygyny berjaý etmek we uly zyýarat dessurlarynda musulmanlaryň arasynda täze koronawirusyň köpçülikleýin ýaýramak howpuny azaltmak maksady bilen patyşalyk häkimiýetleri tarapyndan kabul edildi.

Iň möhüm çäklendirme Hajyň esasy däp-dessurynyň ýerine ýetirilmegi, ýagny Käbäniň daşyndan ýedi gezek aýlanylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde zyýaratçylar mukaddes daşy öpmäge ýa-da iň bolmanda oňa elini degirmäge synanyşýarlar.
Zyýaratçylar aýlanyp bolanlaryndan soň Käbäniň girelgesine gelýärler, tutuş bedenleri bilen oňa gysylýarlar we rehim-şepagat soraýarlar. Haj we Umra ministrliginiň habaryna görä, indi "Käbä degmek we ony öpmek gadagandyr". Howpsuzlyk maksady bilen, hiç kim daşa ýakynlaşmaz ýaly, daş bilen adamlaryň arasynda ýörite päsgelçilik goýlar.
Mundan başga-da, esasy däp-dessurlar, şol sanda şeýtany daş bilen daşlamak diňe 50 adamdan köp bolmadyk kiçi toparlarda berjaý edilip bilner we awtobuslar zyýaratçylary 50% ýüklenmek bilen daşar. Her kim maska ulanmaly we degişli aralygy saklamaly. Zyýaratçylaryň temperaturasy yzygiderli barlanyp durlar.
Iýmit we agyz suwy babatynda hem käbir çäreler görüldi: olar diňe aýratyn möhürlenen gaplarda berler. Mekgedäki Uly (Mukaddes) metjitdäki guýynyň içinde 30 metr çuňlukda ýerleşýän mukaddes Zamzam çeşmesiniň suwy diňe bir gezek ulanylýan gaplarda berler. Şeýle hem Muzdalifa jülgesindäki çadyr düşelgesinde we Arafat baýrynda her 50 inedördül metrde 10 adam ýerleşdiriler. Munda çadyrlaryň arasynyň, azyndan, 1,5 metr bolmagyna gözegçilik ediler.
Duşenbe güni Saud Arabystany şu ýyl Haj parzyny berjaý etmek isleýänler üçin anna gününe çenli hereket etjek ýörite saýtda hasaba alyş açdy. Şondan soň, maglumatlar bazasyndan şu ýyl zyýarat edip biljekler ýurduň raýatlary bolmadyklaryň arasyndan saýlanýar.
Şol bir wagtyň özünde, zyýaratçylar saýlanylanda, 20 ýaşdan 50 ýaşa çenli dowamly keseller bolmadyk, täze koronawirusy bolmadyk (laboratoriýa synag şahadatnamasy bilen tassyklanmaly), ozal haj parzyny berjaý etmedik we karantin döwrüni geçirmäge taýyn adamlar saýlanylar.
Saud Arabystany koronawirus ýokuşanlaryň sany boýunça henizem arap ýurtlarynyň arasynda birinji orunda durýar; pandemiýa başlan wagtyndan sişenbe gününe çenli 217 müňden gowrak adam bu kesel bilen keselledi. Bu görkeziji yzygiderli artmagyny dowam edýär. Şolardan 154 müňden gowrak adam sagaldy, 2017 adam bolsa aradan çykdy.