Ýaponiýada adamlarda koronawirusa garşy DNK-sanjymlaryny barlagdan geçirmäge başladylar

Ýaponiýada adamlarda koronawirusa garşy DNK-sanjymlaryny barlagdan geçirmäge başladylar

Koronawirusa garşy DNK-sanjymlaryny taýýarlaýjy ýapon kompaniýasy AnGes kliniki synaglaryň tapgyrynyň başlanandygyny habar berdi, muny eg.ru ýetirýär. Sanjymlary 30 adamdan ybarat bolan meýletinçileriň iki toparynda barlagdan geçirerler. Meýletinçilerde synagdan geçirilme barlagyň birinji tapgyry bolar.
“Olar iki topara bölünen. Birinji topara sanjymyň az mukdary goýberiler, beýleki topara – köpräk. Sanjym goýberilme iki hepdeden iki gezek geçiriler, 31-nji iýulda kliniki synag tamamlanar. Ýöne bu biziň şol wagt netije aljakdygymyzy aňlatmaýar” – diýip, Osaka uniwersitetiniň professory Rýuiti Morisita belleýär.
Professoryň aýtmagyna görä, sanjymlaryň iň täze görnüşleriniň biri bolan DNK-sanjymyň esasy aýratynlygy onuň adam üçin howpsuzlygyndadyr, çünki organizme taýýar patogen däl-de, diňe ol barada genetiki informasiýa goýberilýär.
Synagyň ikinji bölegi 400-500 adamyň gatnaşmagy bilen geçer we ol 2020-nji ýylyň güýzüne meýilleşdirilen. 2021-nji ýylyň ýazyna çenli kompaniýa sanjymyň önümçiligine senagat möçberinde çykmagy meýilleşdirýär.
DNK-sanjymy döretmek usuly bioserişdäni çalt we gerekli möçberde almaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, sanjymy wirusyň özgerişini hasaba almak bilen modifisirlemek bolýar.