Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.
Bu karar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda aýratyn howply ýokanç keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmekde alnyp barylýan toplumlaýyn çäreleri milli derejede güýçlendirmek we meýilnamalaýyn esasda guramak, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da giňeltmek maksady bilen Kabul edildi.
Meýilnama laýyklykda, BSGG we beýleki hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň tertibi we gurallary kesgitlenilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň ýokanç kesellere garşy göreş boýunça maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmagy hem öz içine alýan birnäçe ugurlar boýunça degişli çäreleri durmuşa geçirmek, ýörite enjamlary we serişdeleri yzygiderli täzelemek, öňdebaryjy halkara tejribesini ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu Meýilnama şeýle hem lukmançylyk işgärleriniň taýýarlygynyň hem-de hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň üpjün edilmegine, lukmanlaryň ugurdaş hünärleri boýunça işleriniň hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.
Mundan başga-da, bu resminamada halkara tejribesiniň esasynda hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryndan ugur almak bilen, saglygy goraýyş ulgamynyň ylmy-usuly we kadalaşdyryjy binýadyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň esasy ugurlaryny ösdürmek meýilnamany amala aşyrmak boýunça ugurlaryň biridir. Halkara we sebit hyzmatdaşlary bilen bilelikde öňdebaryjy tehnologiýalary iş tejribesine giňden ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.