Apple iPhone 12-niň giň burçly kamerasyny düýpli kämilleşdirdi

Apple iPhone 12-niň giň burçly kamerasyny düýpli kämilleşdirdi

Tianming International kompaniýasynyň hasabaty boýunça şu ýylda Apple kompaniýasy iPhone 12 smartfonynyň esasy kamerasyny düýpli kämilleşdirdi. Ýagny, giň burçly modulda ýedi sany plastik linzadan ybarat bolan sistemanyň (6p derek 7p) ulanyljakdygy, surat datçiginiň optiki formatynyň bolsa 1/1,9 dýuýma çenli artdyryljakdygy habar berilýär. Mundan başga-da, giň burçly kamera suraty stabilleşdirmäniň optiki sistemasy bilen üpjün ediler. Bu barada ixbt.com habar berýär.
Häzirki wagtda bar bolan maglumatlara laýyklykda, iPhone 12 lineýkasy şu ýylyň sentýabrynda çykarmagy meýilleşdirilen dört modeli öz içine alar, ýöne häzirlikçe koronawirus pandemiýasynyň fonunda anonsyň geçiriljekdigi ýa-da geçirilmejekdigi belli däl.
Ekranynyň diagonaly 5,4 dýuým bolan kiçi modeli iki bölekli esasy kamera eýe bolar, diagonaly 6,1 dýuým ekranly ikinji model hem iki bölekli kamera eýe bolar. Şeýle-de, ekranynyň diagonaly 6,1 dýuým bolan we üç bölekden ybarat kameraly hem-de goşmaça ToF datçigine eýe boljak iPhone 12-niň hem-de onuň diagonaly 6,7 dýuým ekranly uly wersiýasynyň peýda bolmagyna garaşylýar.
Çeşmeleriň tassyklamagyna görä, iPhone 12-niň kiçi wersiýasy Apple kompaniýasynyň BOE hytaý kompaniýasynyň ekrany oturdylan ilkinji apparaty bolar. Bu kompaniýa Apple bilen uzak möhletli şertnama baglaşmak üçin özüniň OLED displeýleriniň önümçiligi boýunça liniýalarynyň ösüşine uly serişdeleri sarp etdi.