Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň bahalarynyň ykdysadyýetimize täsirini maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti nebitiň bahalarynyň ykdysadyýetimize täsirini maslahatlaşdy

25-nji martda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň nebitgaz pudagynyň meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynyň dowamynda ýurdumyzy 2020 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek, ýangyç-energetika toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, dünýäde bar bolan häzirki çylşyrymly ýagdaýlary nazara alyp, önümçiligi ösdürmegiň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde dünýäde emele gelen ýagdaýyň netijesinde, nebit bazarlaryndaky nyrhlaryň üýtgäp durýandygyny aýdyp, dünýä ykdysadyýetinde hem-de halkara bazarlarynda çig nebitiň we nebit önümleriniň sarp edilýän möçberiniň pese düşendigine ünsi çekdi.
Milli Liderimiz munuň ýurdumyzyň önümçilik hem-de maliýe görkezijilerine täsiriniň bardygyny belläp, nebiti çykarmagyň möçberiniň gazanylan ösüş depginini saklamak hem-de 2020-nji ýyl üçin bu pudagyň maksatnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin bähbitli teklipleriň taýýarlanylmalydygyny nygtady.
Gurbanguly Berdimuhamedow maslahatyň dowamynda häzirki ýagdaýda iň gowy ykdysady görkezijileri gazanmaga mümkinçilik berýän nebit önümleriniň käbir görnüşlerini öndürmek hem-de ýerlemek barada degişli ýolbaşçylaryň tekliplerini diňledi.