Aşgabadyň günortasynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy gurlar

Aşgabadyň günortasynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumy gurlar

Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýeti Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumyny gurar. Aşgabat şäheriniň häkimligine RF-iň kompaniýasy bilen gurluşyk işlerini amala aşyrmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän resminama Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi.
Gurluşyk işleri 2020-nji ýylyň mart aýynda başlanyp, desgalar toplumyny 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak meýilleşdirilýär.
Ýakynda geçirilen hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, sil-suw akymlarynyň paýtagtymyzyň çäklerinden geçmek we ýetirip biljek zyýanynyň öňüni almak maksady bilen, Aşgabat şäheriniň günorta tarapynda sil suwlaryny sowujy desgalar toplumynyň taslamasyny düzmek we gurmak üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirilip, onuň jemleri boýunça Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi» paýdarlar jemgyýetiniň beren teklibi has amatly teklip hökmünde saýlanyp alyndy.
Bu desgalar toplumynyň gurluşyk taslamalaryna Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenilýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan seljerme işleri geçirildi we oňyn netijenama alyndy.