Kompaniýamyzyň ugurlary esasan himiki anker sistemalary, demir-polat dýubeller we plastik dýubellerden şeýle hem, uly göwrümde şurup, deşiçi burawlar, ýapyştyryjylar, suw syzdyrmazlyk önümleri we daşarky fasad sistemalary, ýylylyk, wentilýasiýa, elektrik geçirijileriniň montažy ýaly işlerde ösen tehnologiýalara esaslanýan önümleri hödürleýäris.
Fischer kompaniýasy, 1948-nji ýylda Germaniýanyň Baden-Württemberg etrabyndaky Waldahtal şäherinde döredilen. Kompaniýa esasan berkidiş tehnologiýasy (Fischer Fixing Systems) boýunça dünýäde öňdebaryjy öndürijidir.
Biziň üçin iň esasy zat hil, ynam we ulanyş aňsatlygydyr.
Maksadymyz degişli senagatda hem önümlerimiz hem-de hyzmatlarymyz bilen pudagyň iň öňde gelen kompaniýalardan biri bolmak.
Artur Fischer gurluşyk işlerinde nurbady pugta berkitmek üçin ulanylýan dübeliň oýlap tapyjysydyr we şeýle hem ol polat labyrlarda, perforatorlarda, betona parça berkitmekde tapan oýlap tapyşlary bilen dünýä taryhyna iň köp patentli oylap tapyjy bolup taryha girendir. (2013-ýyla çenli 1136-sany patent).
Fischer önümleri Burj Halifanyň, Gotthard bazasynyň tuneliniň gurluşygynda we Ştutgartdaky Porsche muzeýinde üýtgeýän aýna fasadyň durkuny täzelemekde ulanyldy.Şeýle hem pudakdaky sanly ulgamyň öňde baryjy kompaniýalaryndan biri bolmak bilen, dünýädäki ähli ulanyjylara sanly gurnama proektleri üçin programma bolan FIXPERIENCE ve Product Finder ýaly häzirki zaman programmalama hyzmatyny hödürleýäris.